Skip to content
Lyric
Dive
Public playlists
My playlists
Search
Sign in
Döneýin
Azat Dönmezow, Aydayozin
Popularity · Low
+
🇹🇲 Turkmen · Original
0
0
Listen
YouTube
1
2
3
0:00 / 0:00
Loading YouTube player...
Lyrics offset
Synced
Lyrics
Original
Translation
Bilingual
(BAMMUSIC)
Men saňa duşup öwrendim söýmäni
Indi sen boldyň bu ömrüme many
Ýekeje sözüň janymyň dermany
Dermany, sen many
Saýladym seni
Mähirli mähri
Gözleriň jadylar meni
Gözleriňe döneýin
Sözleriňe döneýin
Seň söýgiňe ýanaýyn
Wah, demiňden dem alaýyn
Saňa döneýin, ýene döneýin
Eger isleseň göwrämi iki böleýin
Çepi seňki bolsun, ýüregemi seňki bolsun
Sag tarap meňki bolsun, ýöne özüm seňki bolsam
Armanym barmy mähirli mähriňden ganybilsem?
Armanym ýok ömürlik gujagyňda galybilsem
Elli gepden belli gep, gülüm bir zady belli sen
Barmajygyňa ýüzük dakdym — Japaryň gelini sen
Gözelligi kem däl periden
Çalaja maňa näz edip sereden
Ýeke bakyşda ýüregimi ereden
Şol dälmi mende çyn söýgi döreden?
Nähili bolsaňam şonda-da maňa taý özüň
Maňa gyzgyn Güneşiň, owadan Aý özüň
Japar söze baý däl, bu taýda ýürek gürleýär
Mähirlije mährim, galanynam aýdaý özüň
Gözleriňe döneýin
Sözleriňe döneýin
Seň söýgiňe ýanaýyn
Demiňden dem alaýyn
Gözleriňe döneýin
Sözleriňe döneýin
Wah, seň söýgiňe ýanaýyn
Demiňden dem alaýyn
Gözleriňe döneýin
Demiňden dem alaýyn